Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyz ýaşlara göreldesi, beýik işleri nusgalyk mekdepdir” atly maslahat duşuşygy geçirildi Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda diňe bilim ulgamynda ençeme döwrebap binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň, ençeme desgalaryň düýbüniň tutulmagy täze taryhy eýýamyň sahypalaryna zer harplar bilen ýazylan möhüm syýasy-taryhy ähmiýetli wakalardygy, bu sahawata baý günde halkymyzyň çüwen ykbalynyň binýady goýulýandygy barada belläp geçip. Täze eýýamda ýaşlarymyza bildirilýän beýik ynam türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýaşlar bilen geçiren taryhy ähmiýetli umumy sapagyndaky: “Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde jemgyýetimiziň ähli ýaşdaky wekilleriniň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Hemişe nygtaýşym ýaly, biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr” diýen ajaýyp sözlerinde has hem aýdyň şöhlelenýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň daýanjy, ata Watanymyzyň, halkymyzyň guwanjy, baky bagtyýarlygymyzyň sarsmaz sütüni saýylýan ylymly-bilimli nesil hakynda yzygider alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP