2023-nji ýylyň awgust aýynyň 25-ne Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher hem-de Ahal welaýat komitetleriniň bilelikde gurnamagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji awgustda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryşy barada belläp geçip, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy, şeýle-de çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Alym Arkadagymyzyň dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň öňde boljak şanly senesi barada oýlanyp, täze goşgusyny döredendigini aýtmagy we ony seýilgäh toplumynda okap bermegi aýratyn taryhy waka hökmünde garşylandygy barada gürrüň edildi. Dabaranyň dowamynda ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän akyldar şahyryň mertebesi türkmen halky üçin hemişe belentdigi barada belläp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde hem-de Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny ylmy esasda düýpli öwrenmek, ýörelge edinmek has-da rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek barada möhüm işler amala aşyrylýandygy dogrusynda gürrüň edildi. Beýik akyldar, filosof Magtymguly Pyragy adamzadyň, halkyň aladasy bilen ýaşapdyr, asuda, erkin, bagtyýar durmuşy, berkarar döwleti, ajap eýýamy arzuw edipdir, öz zehin eleginde elenen dürdäne setirler bilen döwürdeşlerine, geljekki nesillere elmydama ynsan mertebesini belent tutmagy, Watany ýürekden söýmegi, halk bilen bir jan-u-bir ten bolmagy, mätäje howandarlyk etmegi, halal ýaşamagy ündäpdir. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ylym babatda alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP