Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uludyr

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň binasynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iş meýilnamasy esasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetine bagyşlanan duşuşyga Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we birleşmesiniň işjeň agzalary gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy ösdürmek ugrunda wajyp ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygy, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işiniň döwlet ähmiýetli, adam bähbitli tagallalarda jemlenýändigi dogrusynda durup geçdiler. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagy arzuw edildi.

TSTP