Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty – Milli demokratiýanyň dabaralanmagy

2023-nji ýylyň 10-njy awgustynda Daşoguz pagta egriji fabriginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – Milli demokratiýanyň dabaralanmagy” atly maslahaty geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynyň” 18-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kabul edilen kararlar we seredilen meseleler geçirilen maslahatyň esasy mowzugyna öwrüldi. Maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly ýagdaýda geçirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp häzirki wagtda alnyp barylýan işler dogrusynda aýdyp belläp geçdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň geljekki ösüşinde we milli demokratiýamyzyň dabaralanmagynda Halk Maslahatynyň eýeleýän wajyp orny we ähmiýeti hakynda çykyş edenler aýdyp geçdiler. Maslahat Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ýurdumyzy günsaýyn ösdürmek ugrunda alyp barýan tagallalary üçin hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP