Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Arkadag Serdarly Berkarar döwletiň kämil ýaşlary

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynda Arkadag Serdarly Berkarar döwletiň kämil ýaşlary” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly kemala gelmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryny bellediler. Ýaşlary Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagy üçin edilýän işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem  ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgeleriň nesil terbiýesine ýetirýän täsiri dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. 

Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýeti kemala getirmek barada edýän aladalary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan işleri hakynda hem buýsanç bilen aýdyldy. Çäräniň ahyrynda Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

TSTP