Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe: berkararlyk, bagtyýarlyk, jebislik ýoly bilen

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň binasynda “Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe: berkararlyk, bagtyýarlyk, jebislik ýoly bilen” atly maslahat geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täze itergi berildi. Halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasyny       —Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklip munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açýar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanlylaryň döwletimiziň demokratik, hukuk gymmatlyklarynyň berkidilmegi, adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we azatlyklarynyň goragynyň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallyklaryny bildirip. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Arkadagly Serdarymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

TSTP