Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek innowasion ösüşiň esasy ugrudyr

2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň we Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek innowasion ösüşiň esasy ugrudyr” atly maslahat geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, onuň enjamlaýyn binýadynyň döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylmagy ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigi, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýändigi, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy barlag işleriniň geçirilýändigi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Şeýle hem döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ylym almagy üçin ähli şertleriň üpjün edilýändigi, zehinli ýaşlara goldaw bermek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ähmiýeti dogrusynda bellenilip geçildi. Maslahat Hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP