Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

Haly türkmeniň milli buýsanjy

2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Daşoguz şäherindäki Maral toý mekanynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat we şäher bölümleriniň bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Haly türkmeniň milli buýsanjy” atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän taryhy we medeni mirasyny gorap saklamak boýunça uly işler alnyp barylýar. Köpleri özüniň nepisligi bilen haýrana goýan türkmen halysynyň şan-şöhraty äleme dolýar. Şeýle hem türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girmegi dogrusyndaky şahadatnamanyň asyl nusgasynyň gelip gowuşmagy buýsanç bilen bellärliklidir. Dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp gitdi. Oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza milli mirasymyzy aýawly saklamak hem-de ony geljekki nesillere ýetirmek boýunça alyp barýan taýsyz tagallalary üçin ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

TSTP