Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Ýaşlara tejribe okuw sapagy gurnaldy

2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda “Parahat” hususy kärhanasynda ýaşlary telekeçilik işine çekmek maksady bilen, ýaşlara tejribe okuw sapagy, gezelenç çäresi gurnaldy. Çäräniň başynda oňa gatnaşanlar “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň ylymly, bilimli, gaýratly, zähmetsöýer, watansöýüji bolup kemala gelmekleri üçin giň çäreleriň görülýändigi we ýaşlary telekeçilik işine höweslendirmek, olary telekeçilige çekmek boýunça ençeme tagallalaryň edilýändigi dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle hem, ýaşlary “Parahat” hususy kärhanasynyň işi, önümçilik tehnologiýasy we içki gurluşlary bilen tanyşdyrdylar. Kärhananyň birnäçe hünärmenleri özleriniň ençeme ýyllyk zähmet üstünlikleri barada aýdyp berdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ajaýyp zamanany bize peşgeş bereni üçin Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlaryny aýtdylar.

TSTP