2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Halk Maslahatynyň başlygy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyndan ugur alyp “Türkmeniň nusgalyk ýörelgeleri” atly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetip, bedew bady bilen öňe barýar. Maslahatda Halk Maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda birnäçe giň mazmunly çykyşlar edildi. Geçirilen Halk Maslahatynyň çäklerinde Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeler bu geçirilen maslahatyň esasy mowzugyna öwrüldi. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli ugurlaryna degişli özgertmeleriň watanymyzyň geljekki ösüşindäki ähmiýeti dogrusynda maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda hususy pudagyň eýeleýän orny we onuň geljek döwürde ösüş aýratynlyklary hakynda bellenilip geçildi. Maslahat ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize sag bolsun sözleri bilen jemlendi.
TSTP