Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Milli kanunçylyk jemgyýetiň we döwletiň daýanjy hem kuwwaty

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda “Milli kanunçylyk jemgyýetiň we döwletiň daýanjy hem kuwwaty” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryny döwrüň talabyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, oňa milli ruhy gymmatlyklary ornaşdyrmak, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek ugrunda oňyn halkara tejribesine esaslanýan hukuk özgertmeleri geçirilendigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda netijeli işleriň dowam etdirilýändigini belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP