Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

Täze eýýamda berkarar döwletimizi ösdürmekde ýaşlaryň orny

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz şäherindäki 20-nji orta mekdebinde “Täze eýýamda berkarar döwletimizi ösdürmekde ýaşlaryň orny” atly maslahat geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlar Watanymyzyň geljegidir atly şygardan ugur alyp ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan edip kemala getirmek üçin olara uly üns berilýär hemmetaraplaýyn goldanylýar. Ýurdumyzyň ýokary we orta mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi we döretmegi üçin ähli şertler döredilen bolup durýar. Çykyş edenler öz çykyşlarynda bu döredilýän giň mümkinçilikleriň geljekde ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmekdäki ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem ýaşlary telekeçilik işine çekmek boýunça Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler oňaýly şerler hakynda çuň many mazmuna eýe bolan çykyşlar edildi. Oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bu ugurda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin köp sag bolsun aýtdylar.

TSTP