Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Pyragynyň paýhasy – ýaşlaryň köňül çyragy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynda jemgyýetimizi kämilleşdirmekde, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açmak, dünýä garaýyşlarynyň giňeltmek maksady bilen, “Pyragynyň paýhasy – ýaşlaryň köňül çyragy” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Türkmen halky dünýä medeniýetine, sungatyna uly goşant goşan, beýik taryhy şahsyýetleri öňe çykaran halkdyr. Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhda yz goýan şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek, olaryň bitiren işlerini çuňňur öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şeýle beýik şahsyýetleriň biri­de Magtymguly Pyragydyr. Şahyryň döredijiliginiň halkylygy onuň şygyrlarynyň halkyň durmuşyna ýakynlygy bilen kesgitlenýär. 

Şunda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň adalatly jemgyýeti döretmek, döwletlilik ýörelgesini ösdürmek baradaky pikirleri aýratyn many­mazmuna eýedir. Şahyryň döredijiliginde halkylygyň güýçli bolmagynyň ýene bir sebäbi onuň pikirleriniň, arzuwlarynyň halkyňky bilen bir bolmagydyr. Akyldar şahyr agzybirlik taglymatyny öňe sürmek bilen, berkarar döwlet gurmak arzuwlaryny beýan edýär. Şeýle çuňňur pikirleri özünde jemleýän şygyrlar bolsa halkyň dilinde nakyllara öwrülýär, ganatly jümle hökmünde il arasynda aýdylýar.

Akyldar şahyryň watansöýüjilik, halallyk, pes pällik, adamkärçilik baradaky goşgulary türkmen nusgawy edebiýatynyň genji­hazynasyna öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary watansöýüjilige, agzybirlige, ruhubelentlige, edermenlige, halallyga, dost­doganlyga çagyrýar. Bu şygyrlar adamzat jemgyýetiniň ähli döwürlerinde hem terbiýeçilik ähmiýetini ýitirmän gelýär. Magtymguly Pyragynyň Watan, il­gün hakyndaky goşgulary has­da belent ýaňlanýar.

Şahyryň goşgulary birnäçe dillere terjime edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu bolsa akyldar şahyryň ynsanperwerlik, watansöýüjilik ýaly pikirleriniň, pelsepewi garaýyşlarynyň ähli adamzadyň ünsüni özüne çekýän digini beýan edýär. Şonuň üçin biz şahyryň döredijiligini ýaşlara öwretmelidiris, olarda milli edebiýatymyza bolan buýsanjy kemala getirmelidiris diýip belläp geçdiler. 

Oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP