Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Döwletara gatnaşyklarynyň täze tapgyry

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat telekeçiler mekdebinde “Döwletara gatnaşyklarynyň täze tapgyry” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda günsaýyn berkeýän dost-doganlyk gatnaşyklary, Hormatly Prezidentimiziň ýaňy ýakynda geçiren Bahreýn Patyşalygynda döwlet bähbitli iş saparynda, ýola goýulan medeni we syýasy gatnaşyklar barada buýsançly gürrüňler edildi. Bu ugurda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryna berýän uly ünsi, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty, asuda diýarymyzyň ylalaşdyryjy merkez hökmünde ýurdumyzyň dünýä arenasyndaky mynasyp orny barada durulyp geçildi. 

Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza döredip berýän ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. 

TSTP