Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Garaşsyz, Watanyň bagtyýar nesli

         Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Garaşsyz, Watanyň bagtyýar nesli” atly maslahat geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy ýaş nesliň kalbynda egsilmez joşguny döretdi. Il arzuwyny hasyl eden bu çözgüt Arkadagly Serdarymyzyň: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleriniň özboluşly dabaralanmasy boldy. Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Ýaş neslini eý gören ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyr. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. 

Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara okamaga öwrenmäge, ylym bilen meşgullanmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de ýaşlara döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyza hem-de ýaşlaryň baş göreldesi Arkadagly Serdarymyza sagbolsun  aýtdylar.

TSTP