Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky Medeni sport toplumynyň mejlisler jaýynda “Halk Maslahaty – demokratik üstünliklere binýat” atly maslahat geçirildi.
Ýaňy ýakynda has takygy 21-nji ýanwarynda Milli Lidermiziň baştutanlygynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty geçirdi. Döwletli maslahatda çykyş eden ildeşlerimiziň ählisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy diýen belent wezipä diňe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy mynasyp görýändiklerini biragyzdan makulladylar. watandaşlarymyzyň göwün islegleri we haýyşlary nazara alnyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany esasynda, döwrümiziň görnükli döwlet işgäri we syýasatçysy hökmünde ykrar edilen Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi. Hormatly Arkadagymyz kanun esasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi türkmen halkynyň buýsanjyny artdyrdy.
Oňa gatnaşyjylar Arkadag Serdarymyzyň, Milli Liderimiziň il-ýurt beýik işleriniň dowamat-dowam bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP