Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty -  halkyň ösüşine badalga

        Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty -  halkyň ösüşine badalga” atly maslahat geçirildi.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Hormatly Milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýaňy ýakynda geçen ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen giren maslahat hem ähli ýaşaýjylaryň göwnünde tükeniksiz hoşallyklary döretdi. Hormatly Milli Liderimiziň şol taryhy çykyşynda telekeçilik we senagatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine hem uly üns berildi. 

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyn­da ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry bilen bilelikde  hususy pudagy hem ösýär. Döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän gol­daw­dyr ýe­ňil­lik­ler­den peýda­la­nyp, içer­ki ba­za­ryň ösen is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň hu­su­sy pu­da­gy­nyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türk­men te­le­ke­çi­le­ri soň­ky ýyl­larda arman-ýadaman zähmet çekýärler diýip belläp geçdi. 

Hormatly Arkadagymyza kanun esasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri adynyň dakylmagy, Türkmenistanyň mejlisiniň karary esasynda Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy wezipesine bellenmegi we bu ugurda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgeşmeler we goşmaçalar girizilmegi ähli halk üçin guwandyryjy wakalaryň biri bolandygynyň şübhesizdigini buýsanç bilen bellediler. 

         Maslahatyň dowamynda Hormatly Arkadagymyza, halkymyzyň Milli Liderine, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar hem-de janlarynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň elmydama  rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP