2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda welaýatyň Şabat etrabynyň medeniýet öýünde “Döwlet Maslahaty – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ösüş-özgertmeleriniň badalgasy” atly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly turuwbaşdan uly taryhy wakalar bilen başlady. 21-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda hem ýurdumyzyň geljek döwürdäki ösüşlerine badalga berjek taryhy çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi onuň başlyklygyna bolsa Gahryman Akadagymyzyň maslahata gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagy esasynda Hormatly Prezidentimiziň permany esasynda bellenilmegi bolsa ýurdumyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy gaznasyna altyn harplar bilen ýazyljak waka bolup halkyň hakydasynda galdy. Türkmeniň beýik şahsyýeti, sebitde we dünýäde özüniň parahatsöýüjilik filosofiýasy bilen tanalýan tanymal döwlet işgäri, türkmen halkynyň arkadagy Gahryman Arkadagymyza Türkmeniň Milli Lideri adynyň kanuny esasda dakylmagy bolsa türkmen halkynyň buýsanjyny göge ýetirdi.
Maslahata gatnaşyjylar bu döwletli maslahatda kabul edilen kararlaryň ýurdumyzyň geljekki ösüşi üçin täze bir ädim boljakdygy dogrysynda öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda ýaş telekeçilere bildirilýän uly ynamyň we goldawyň hususy pudagyň ösmegine özüniň saldamly goşandyny goşjakdygy barada aýdylyp geçildi.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza watanymyzyň şan-şöhradyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleri üçin köp sag bolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
TSTP