Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Kanunçylyk özgertmeleri – halkyň bähbidine

2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň kiçi mejlisler jaýynda “Kanunçylyk özgertmeleri – halkyň bähbidine” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda taryhy teklibi öňe sürmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekde möhüm ädim boldy diýip bellediler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ilkinji nobatda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açýandygy barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. 

Oňa gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, röwşen ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

TSTP