Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň gurmak syýasaty bagtyýar durmuşyň binýadydyr

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň gurmak syýasaty bagtyýar durmuşyň binýadydyr” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

 Maslahata gatnaşanlar onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň ähmiýetiniň milli çäklerden has uzaklara tarap giňeýändigine üns çekmek zerurdygyny belläp, bu çözgüt Türkmenistanyň milli jebisligine şaýatlyk etmek bilen, parahat we abadan ýaşaýşy gurmagyň özboluşly nusgasy bolup durýandygy we täze tehnologiýalara, ajaýyp binalara beslenen “akylly” şäheriň depginli gurluşyklary bolsa BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilýändigini görkezýändigi barada gürrüň etdiler. Şeýle hem, adam gymmatlyklarynyň iň ýokary beýany bolmak bilen, Arkadag şäheri halkymyzyň parahatçylyk däpleriniň köpasyrlyk tejribesiniň täze mümkinçiliklerini subut edýär, diýip buýsançly bellediler.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdar belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler

TSTP