Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar:Mukaddes ynam wepaly nesil

2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi Arkadagly Serdarymyzyň  türkmen ýaşlaryna bildirýän uly ynamyndan nyşan. Häzirki döwrüň ösüşlere beslenýändigi, olaryň ylmyň, bilimiň, täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň öňdebaryjy gazananlaryna, döwrebap milli kanunçylyga esaslanýandygy ähli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleri döredijilige we işjeňlige ruhlandyrýar. Geçen ýylyň 12-nji martynda giň demokratik esaslarda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda halkyň sesi ýürek emri döwlet Baştutanyna mynasyp şahsyýeti öňe çykardy. Arkadagly Serdarymyz agzybir halkymyzyň mukaddes ynamyny gazanyp, il-ýurdumyza baş boldy. 

Arkadagly Serdarymyz belent wezipä girişmek dabarasynda sözlän sözünde şeýle diýdi: “Men özüme bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýärin. Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin”.

Berkarar Watanymyzda “Döwlet adam üçindir!”, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz biziň ýaşlarymyzyň watan söýüjiligine, zehinine we yhlasyna uly ynam bildirýärler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar:Mukaddes ynam wepaly nesil” atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara okamaga öwrenmäge, ylym bilen meşgullanmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de ýaşlara döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza sagbolsunlary aýtdylar.

TSTP