Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Ajap zamana Täze ýyl geldi!

Düýn paýtagtymyza görk berip oturan “Aşgabat” söwda we dynç alyş merkezindäki “Şamelek” toý mekany baýramçylyk ruhuna beslendi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda bu ýerde Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabara «Ajap zamana Täze ýyl geldi!» diýlip atlandyryldy. Täze ýyl hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, iň şatlyk-şowhunly baýramlarynyň biri. Tamamlanyp barýan ýyly uly üstünliklere beslän telekeçiler bu baýrama aýratyn zähmet sowgatly geldiler.

— Geçip barýan ýyl her birimize ýatdan çykmajak bagtly pursatlary bagyş etdi. Türkmen işewürleriniň durmuşynda-da bu ýyl sowgatly-serpaýly ýyllaryň biri boldy. Milli Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz tapawutlanyp işlän telekeçilerimiziň birnäçesini döwlet sylaglary bilen begendirdi. Hususy pudagyň ösüşleri, işewürleriň öndürýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleriniň dünýä bazarynda tanalmagy ugrunda yzygiderli alada edýän döwlet Baştutanymyza hoşallygymyzyň çägi ýok. Türkmen telekeçilerini ýurdumyzyň altyn gaznasyna de­ňäp, ösüşli ýollara ataran Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzy Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, geljek ýyl mundan-da bereketli, düşümli bolsun!

TSTP