Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

Bitaraplyk: Halkymyzyň baky bagty

Häzirki döwrüň ösüşlere beslenýändigi, olaryň ylmyň, bilimiň, täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň öňdebaryjy gazananlaryna, döwrebap milli kanunçylyga esaslanýandygy ähli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleri döredijilige we işjeňlige ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän milli we halkara dabaralara, maslahatlara ählihalk derejesinde ägirt uly joşgunyň, ruhubelentligiň mahsuslygy Bitaraplyk taglymatynyň ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň girewidigini alamatlandyrýar.Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda  beýik işleri amala aşyrýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Bitaraplyk: Halkymyzyň baky bagty” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň dünýä döwletleri bilen hemme taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçileriň öndürýän ähli önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga uly ýol açyp berýär diýip uly buýsanç bilen bellediler.  Şeýle-de Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza Garaşsyz we Bitarap watanmyzy ösdürmeklik ugrynda taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

TSTP