Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Hormatly Prezidentimiziň ösüş-özgerişler syýasaty

2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň mejlisler jaýynda “Hormatly Prezidentimiziň ösüş-özgerişler syýasaty” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňky geçen ýyllaryň içinde ähli ugurlarda gazanylan uly ösüşler döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen sepgitler bolsa Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrmak, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň miwesidir. Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladalarynyň netijesinde döwletimiz “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamlarda ägirt uly ösüşleri başdan geçirýär. Watansöýüjilik, abadançylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde agzybir halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy üpjün edilýär. Bu günki gün Türkmenistan ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurt hökmünde dünýäde giňden tanalýar, mertebesi has-da beýgelýär. Şonuň üçinem geljekde hem ýurdumyzyň ösüşleriň ak ýoly bilen öňe gidip, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda ýokary netijeleriň, guwandyryjy zähmet üstünlikleriniň gazanyljakdygyny ynamly aýdyp bolar diýip belläp geçidiler. 

Oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag ömrüniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

TSTP