Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, baýramçylyklara, şanly senelere zähmet sowgatlary bilen barmak halkymyzda däbe öwrülen asylly ýörelgedir diýip, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda uly dabara bilen bellenilip geçilen Türk­menistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň günü­nde ellerine gowşan bu ylmy-ensiklopedik kitabyň 14-nji jildi hem bütin halkymyz üçin baýramçylyk sowgady boldy diýip buýsançly bellediler. Kitabyň täze jildinde sahawatly topragymyzda ösýän, öň öwrenilmedik hem-de halk lukmançylygynda örän uly ähmiýete eýe bolan 118 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumat­lar berilendigi dogrusynda giňişleýin  bellenildi. Çykyşlaryň dowamynda täze neşiriň lukman Arkadagymyzyň halkymyzyň saglygy, bagtyýar we abadan durmuşy baradaky yzygiderli aladalarynyň we Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde türkmen lukmançylygyny düýpli ösdürmekde durmuşa geçirilýän dünýä nusgalyk işleriň nobatdaky subutnamasydygyny bellediler. 

Dabara gatnaşanlar ilatymyzyň saglygyny has-da berkitmekde ägirt uly işleri, halkara başlangyçlary üçin alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş aýdyp, täze kitabyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP