Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Sagdyn durmuş – baş ýörelgämiz

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda sagdyn-durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak maksady bilen, “Sagdyn durmuş – baş ýörelgämiz” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlaryň, aýratyn hem ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, olary berk bedenli, sagdyn ruhly edip terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynda esasy üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan Diýarymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň zamanasy bolup dabaralanýar. Halkymyzy bagtyýar, sagdyn, eşretli durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

TSTP