Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerine täze badalga

2022-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerine täze badalga” atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň giňden dabaralanan günlerinde Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Döwlet Maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny şöhratlandyran taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Döwletimiziň we halkymyzyň ykbalyna degişli täze wezipelere badalga berlen umumymilli forumda biziň — milli ýörelgelerimiz esasynda işlemegimize döwletimiz tarapyndan hemişe uly goldaw berilýändigi buýsanç bilen bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň biz hakynda edýän aladalary döwletimiziň berkararlygyny berkitmek üçin ähli gujur-gaýratymyz bilen öň hatarda zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Döwlet Maslahatynda kabul edilen döwletli çözgütler ýurdumyzyň raýatlarynyň, bagtyýar şu gününiň we ýagty geljegiň güwäsidir diýip belläp geçdiler.

TSTP