Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler

2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda “Abadan haly” açyk görnüşli paýdar jemgyýetinde “Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty aýdyň maksatlar, anyk wezipeler” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň Döwlet maslahatynda eden taryhy çykyşy dogrusynda we Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeleri kesgitländigini hem-de içeri we daşary syýasatymyzyň ileri tutylýan ugurlarynyň meselelerine seredip, möhüm kararlar kabul edildi. Şeýle hem Döwlet maslahatynda Hormatly Prezidentimiziň Döwlete dahylsyz bolan hususyýetçileri kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläkde ösdürmeklik dogrusynda aýdan taryhy sözleri, şu günki geçirilen maslahatda öz beýanyny tapdy. Oňa gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, halk-döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP