Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty: asylly maksatlaryň belent ykrarnamasy

2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty: asylly maksatlaryň belent ykrarnamasy” atly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ösüşlere we özgertmelere, taryhy wakalara beslenýär. Şeýle döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýan, işleýän, gurýan, döredýän halkymyz bilen agzybirlikde Hormatly Prezidentimiz 23-nji sentýabrynda  Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Ýurdumyzyň ýakyn geljekdäki wezipelerini kesgitlejek bu waka milli demokratiýanyň dabaralanmasynyň aýdyň alamaty bolup, kalplarda täze döredijilik joşgunyny döretdi.
Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu uly maslahat döwletiň demokratik ýörelgeleriniň kanuny esasda alnyp barylýandygynyň, döwletiň we raýatlaryň jebisliginiň, agzybirliginiň, olaryň özara täsiriniň we hyzmatdaşlyk hereketleriniň öz beýanyny tapýandygynyň aýdyň alamatyna öwrülip, tutuş dünýä ýaň saldy. Onda kabul edilen taryhy çözgütler ýurdumyzda halk demokratiýasyny mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda täze badalga bolmak bilen, Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň ýene-de bir taryhy wakasyna öwrüldi. Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP