Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň aýdyň kepili

2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda Daşoguz welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň aýdyň kepili” atly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ösüşlere we özgertmelere, taryhy wakalara beslenýär. Şeýle döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýan, işleýän, gurýan, döredýän halkymyz bilen agzybirlikde Hormatly Prezidentimiz 23-nji sentýabrynda  Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen, ýurdumyzyň ýakyn geljekdäki wezipelerini kesgitlejek bu waka milli demokratiýanyň dabaralanmasynyň aýdyň alamaty bolup, kalplarda täze döredijilik joşgunyny döretdi.

Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu uly maslahat döwletiň demokratik ýörelgeleriniň kanuny esasda alnyp barylýandygynyň, döwletiň we raýatlaryň jebisliginiň, agzybirliginiň, olaryň özara täsiriniň we hyzmatdaşlyk hereketleriniň öz beýanyny tapýandygynyň aýdyň alamatyna öwrülip, tutuş dünýä ýaň saldy. Onda kabul edilen taryhy çözgütler ýurdumyzda halk demokratiýasyny mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda täze badalga bolmak bilen, Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň ýene-de bir taryhy wakasyna öwrüldi. 

         Maslahata gatnaşanlar Arkadagly Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda durmuşa geçirýän beýik işleriniň dowamatynyň dowam bolmagyny arzuw etdiler!    

TSTP