2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk zamanamyzda - bagta beslenýän ýaşlar” atly duşuşygy geçirildi. Duşuşykda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” kabul edilmegi bilen ýakyn ýyllarda köpugurly özgertmeleri amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden guramagyň nobatdaky tapgyry dogrusynda giňişleýin bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti we wajyplygy dogrusynda duşuşykda çykyş edenler nygtap geçdiler. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilýän uzakmöhletleýin maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi we türkmen halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygy barada aýdylyp geçildi. Duşuşyk Hormatly Prezidentimize Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzy ösdürmek, halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmak üçin edýän taýsyz tagallalary üçin minnetdarlyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP