Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

“Türkmen harytlary dünýä ýüzünde” atly maslahaty

        2022-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde gurnamagynda “Türkmen harytlary dünýä ýüzünde” atly maslahaty geçirildi. Maslahatda eksportyň ösüşiniň we importyň ornuny tutýan harytlaryň strategiýasynyň netijesinde Türkmenistan döwletimiz şu gün täze sepgitlere ýetendigi, bu ädimden geçip, ýurt senagat ösüşiniň indiki tapgyryna gadam basýandygy barada giňişleýin bellenildi. Häzirki wagtda türkmen işewürleri sarp ediş harytlarynyň ähli ugurlaryny diýen ýaly öndürýärler we daşary ýurt öndürijileri bilen üstünlikli bäsleşýändikleri dogrusynda hem aýdyldy. Türkmenistanda import edilýän harytlaryň ornuny tutmak we eksporty ösdürmek boýunça esasy taslamalar üstünlikli durmuşa geçilýändigi, ýurduň eksport strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm sepgitlere ýetilendigi açyk görkezmek bolýar diýip hem giňişleýin bellenildi.

     Maslahatyň dowamynda şeýle ajaýyp üstünlikleriň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.

TSTP