Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy – hususy pudakda ösýän ýaşlar syýasaty

2022-nji  ýylyň   7-nji  sentýabrynda   Türkmenistanyň   Senagatçylar  we  telekeçiler  partiýasynyň   Merkezi  Geňeşiniň  hem-de Türkmenistanyň   Senagatçylar  we  telekeçiler   birleşmesiniň   bilelikde   gurnamagynda  partiýanyň  edara  binasynyň  mejlisler jaýynda  “Hormatly  Prezidentimiziň  tagallasy  –  hususy pudakda  ösýän ýaşlar  syýasaty”  atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýaş işjeň agzalary gatnaşdylar. 

             Maslahatyň dowamynda edilen 1-nji sent­ýabr­da paý­tagty­myz Aş­ga­ba­dyň “Me­kan” köş­gün­de ge­çi­ri­len, ýaş­la­ryň we döw­le­timi­ziň  dur­mu­şyn­da  ta­ry­hy  wa­ka  bo­lan  Türk­me­nis­ta­nyň  Mag­tym­gu­ly  adyn­da­ky  Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VII gu­rul­ta­ýyna Hormatly Prezidentimizi  gatnaşmagy şeýle-de  3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy  Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyranda şol ýerde Türk­me­nis­ta­nyň  Döw­let  ener­ge­ti­ka  ins­ti­tu­ty­nyň  ta­lyp­lary­dyr  mu­gal­lym­la­ry bi­len du­şuş­magy  uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.  VII  Ýaşlar gurultaýynyň dowamynda  “Ýaşlar  barada  döwlet syýasaty hakynda”  Türkmenistanyň  Kanunynyň  kabul  edilmegi  bolsa  ýurdumyzda  ýaşlar syýasatynyň  yzygiderli  kämilleşdirilýändiginiň  iş ýüzünde  nobatdaky  subutnamasy  boldy.  Jemgyýetiň  iň işjeň  bölegini  düzýän ýaşlaryň  pikir-garaýyşlary  çuňňur öwrenilip  taýýarlanylan 10 bapdan,  57 maddadan ybarat bu kanunçylyk namasy ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini,  esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, bilim-ylym, döredijilik, telekeçilik, maşgala  babatda  ýaşlarymyzy  goldamagy,  goramagy  göz  öňünde tutýar.   Döwletimiz   tarapyndan   amala  aşyrylýan  bu  işler, döredilýän mümkinçilikler her bir ýaş oglandyr gyzyň jemgyýetde öz ýoluny tapmagyna, beýik maksatlara tarap ädim ätmegine itergi berýär. Şeýle  şertlerde ýaşlara  diňe bir zat galýar.  Ol barada  döwlet  Baştutanymyz: “Beýik  maksatlara  ýetmek  üçin  her  bir ýaş ynsan  zähmeti baýdak  edinmelidir” diýdi.  Bu örän üns çekilmeli meseledir.  Çünki  islendik  döwürde-de,  islendik  jemgyýetde-de zähmet ynsany  bezeýän sypat bolupdy  hem  şeýle  bolmagynda galýar.  Zähmetiň  ynsany  terbiýeleýändigi,  täze  ajaýyp  pikirleri döredýändigi  barada  çagalykdan  aňymyza  ornaşan onlarça nakyldyr atalar sözleri, rowaýatdyr tymsallar aýdanlarymyza güwädir diýlip, çykyşlarda bellenildi.

            Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP