2022-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap geňeşiniň bilelikde gurnamagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda ýaşlaryň arasynda ýaramaz endiklerden daşda durmagy ündemek, sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek maksady bilen “Adam saglygy döwlet syýasatynyň esasy ugry” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyşlarda ýurdymyzda iň gymmatly baýlyk hasaplanýan ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde gurlup ulanylmaga berilýän hassahanalar, keseli anyklaýyş we bejeriş merkezleri, saglyk öýleri ilatyň saglygy ugrundaky tutumly işleriň aýdyň mysalydyr diýip belläp geçdiler. Oňa gatnaşanlar Hormatly Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP