Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

Kämil eserlerdäki Watansöýüjilik duýgusy

2022-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda «Kämil eserlerdäki Watansöýüjilik duýgusy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Onda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda bagtyýar ýaşlaryň ýokary hilli döwrebap, kämil eserleri döretmekleri, erkin zähmet çekip, çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, milli mirasyny we däp-dessurlaryny ösüşiň täze derejelerine götermäge gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli medeniýetine, sungatyna we ruhy baýlyklaryna aýratyn sarpa goýýar. Buýsançly geçmişimizi öz içine alýan we terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan bu gymmatlyklar hiç bir döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär diýip bellenildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza uly hormat goýýan, watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, beýik tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP