Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

Halkyň Arkadagly zamanasynda hünärli elleriň zynaty

2022-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Daşoguz welaýat häkimliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Işewür zenanlaryň merkeziniň Daşoguz welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýinde “Halkyň Arkadagly zamanasynda hünärli elleriň zynaty” atly keşdeçilik sungatyna bagyşlanan sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Sergide türkmen halkynyň milli egin-eşikleri, şaý-sepleri keşdeçilik sungatynyň nepis önümleri sergä gatnaşanlara görkezildi we tanyşdyryldy. Sergä gatnaşyjylar Halkyň Arkadagly zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda keşdeçilik sungatyna berilýän ähmiýetiň uludygyna we sungatyň bu ugrunyň ösüşiniň aýratynlyklary baradaky düşünjelerini has-da artdyrmaga öz goşandyny goşdy. Aýdym-sazly çykyşlar serginiň has-da dabaraly ýagdaýda geçmegine ýardam etdi. Sergä gatnaşyjylar bilen geçirilen söhbetdeşliklerde döwletimizde gadymdan gelýän milli sungatymyzy kämilleşdirmek, ösdürmek ugrunda edilýän taýsyz tagallalaryň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Oňa gatnaşanlar döredip berilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

TSTP