Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Halkyň Arkadagly zamanasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanç

2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanç” atly maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy gülläp ösdürmek ugrunda alyp barýan içerki we daşarky syýasaty barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahata gatnaşan myhmanlarymyz Hormatly Prezidentimiziň 20-nji iýulynda Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açyp ulanylmaga bermegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädimleriň biri boldy diýip belläp geçdiler. Şeýle-de 21-nji iýulynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş saparynda bolandygyny we bu sammitde Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Maslahata gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.

TSTP