Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim

2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň we Türkmen Oba hojalyk institutynyň bilelikde guramagynda institutyň mejlisler jaýynda “Halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim” atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygy, diplomatik we söwda gatnaşyklarynyň giňeýändigi barada giňişleýin nygtap geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp ýurdumyzda geçirilýän halkara derejesindäki maslahatlaryň,  forumlaryň we duşuşyklaryň döwletimiziň dünýä arenasyndaky artýan abraýynyň nyşany barada birnäçe çykyşlarda bellenilip geçildi. Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli parahatçylykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde telekeçilik pudagynyň giň gerimde ösýänligi barada aýratyn bellenilip geçildi.  Şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri üçin öndürýän önümlerini dünýä bazaryna çykarmak we daşary ýurt önümlerini ýurdumyzyň bazarlaryna getirmek üçin döredilýän ýeňillikli şertler dogrusynda gürrüň edildi. Ondan başga-da Hormatly Prezidentimiziň eksportyň möçberini artdyrmak we daşary ýurtlardan gelýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça berýän tabşyryklarynyň esasynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellenilip geçildi. Maslahata gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýtdylar.

TSTP