Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Bagtyýarlyk döwrüniň medeniýeti we sungaty

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Bagtyýarlyk döwrüniň medeniýeti we sungaty” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Dabaraly maslahata gatnaşanlar indi on ýyl bäri ýurdumyzda giňden bellenilýän halkyň ruhy baýramçylygy bolan Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň gadymy Mary topragynda bellenilmeginiň ähmiýeti, ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärlerine goýulýan sarpa barada çykyş etdiler. Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýete, sungata goýulýan sarpa, gazanylýan üstünlikler barada durlup geçildi.

Dabaraly maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdymçy-sazandalar toparynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Dabara gatnaşyjylar halkymyzy ösüşleriň ýoly bilen täze belentliklere alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP