Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

“Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly: parahatçylykly ösüş we nesilleriň bagtyýar durmuşy”

2022-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly: parahatçylykly ösüş we nesilleriň bagtyýar durmuşy” atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda ýaňy ýakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar bilen  duşuşmagy, olar bilen pikir alyşmagy, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň hasda kämilleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda çykyşlar diňlenildi we  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda badalga berlen taryhy özgertmeleriň ýaşlarda bagtyýar we abadan geljege bolan ynamy berkidýändigi hakynda beýan edildi.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ýaşlar telekeçiligini ösdürmek, ýaş nesliň ýurdumyzyň jemgyýetçilik, durmuş ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek barada beýan edilen başlangyçlar ýaşlary täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar. Hususy işewürligi ösdürmekde döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikler importyň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmekde we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Maslahatyň dowamynda ýaşlaryň bilim almaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri aýdyldy.

TSTP