Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Arkadagyň ak ýoly – halkymyzyň bagt ýoly

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň  Bereket etrabynyň Gyzylýarymaý jemgyýetiniň bilelikde gurnamagynda Bereket etrabynyň çeper Halyçylyk kärhanasynda  “Arkadagyň ak ýoly – halkymyzyň bagt ýoly” atly maslahat geçirildi.

           Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň  öňdengörüjilikli döwlet syýasaty arkaly durmuşymyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň   hususy bölegini hemmetaraplaýyn goldamagyň aýratyn ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýanlygy bilen  berk baglanyşyklydyr. Sebäbi ýurdumyzda öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň ykdysadyýetimizde  tutýan paýyny artdyrmak  mähriban Prezidentimiziň durmuş-ykdysady  özgertmelerinde möhüm orny eýeleýär. Döredilýän ähli mümkinçilikler hususy ulgamyň uly ösüşleri gazanmagyna getirýär diýip belläp geçdiler. Oňa gatnaşyjylar telekeçilere uly goldaw berýän Gahryman  Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza öz sag bolsunlaryny aýtdylar. 

TSTP