Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

Ylymlar güni mynasybetli maslahat geçirildi

          Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda ylymlar güni mynasybetli maslahat geçirildi.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň birnäçesi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda berkarar Watanymyzyň ählumumy ösüşleri we ylym ulgamynyň gurluşy, ýurdumyzyň ylymda-bilimde gazanýan ösüşleri, täze innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin alnyp barylýan işler barada beýan etdiler.

Maslahatyň soňunda oňa gatnaşanlar hususy ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan işleri üçin, hormatly Prezidentimize öz sag bolsunlaryny aýdyp, halk bähbitli, döwlet, halkara ähmiýetli amala aşyrýan ajaýyp işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP