Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

Hoşallyk maslahaty geçirildi

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň maý aýynyň 30-na Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda 2022-nji ýylyň maý aýynyň 27-ne Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna bolan iş sapary mynasybetli hoşallyk maslahatyny geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda geçirildi. 

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň täze ösüşleri barada, aýratyn hem Arkadagly Serdarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge berýän uly ünsi barada aýdylyp geçildi.  Şeýle-de, Daşoguz welaýatynyň merkezinde gurulyp, Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ulanylmaga berlen 450 orunlyk täze köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň halk üçin ähmiýeti, ol ýerde bar bolan mümkinçilikler dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar, Arkadagly Serdarymyzyň Daşoguz welaýatyna bolan ilkinji iş saparynyň uly baýramçylyk pursatlaryna beslenendigini aýdyp, bizi ýagty geljege alyp barýan Hormatly Prezidentimize uzak ömür, jan saglyk, döwletli tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP