Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Beýik Pyragynyň parasatly pähimleri

Şu gün “Aýdyň gijeler” hususy kärhanasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli “Beýik Pyragynyň parasatly pähimleri” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň türkmeniň nusgawy edebiýatynyň başynda duran beýik ägirdidigini, onuň goşgularynyň esasan watançylyk, gahrymançylyk, ynsanperwerlik-adamkärçilik, ahlak we medeniýet hakyndadygy barada belläp, beýik şahyryň goşgularynyň ýaş nesillerimiz üçin uly terbiýe mekdebe bolýandygyny nygtadylar. Şeýle hem ýaş nesillerimiziň Beýik akyldarymyzyň  bize galdyran mirasyny ürç edip öwrenmekleriniň, olaryň durmuş ýoluny ýagtylandyrjak ýollaryň biridigini aýtdylar.

Çärä gatnaşanlar bagtyýar ýaş neslimize okamaga bilim almaga dürli mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Hormatly Prezidentimize öz alkyş sözlerini aýdyp, onuň janynyň sag, ömrüniň uzak we tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw  etdiler.

TSTP