Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren täze “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň çuňňur durmuşy-filosofiki many mazmuna eýedigi barada belläp, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby şu güne çenli toplan baý biliminiň hem-de tejribesinden gelip çykýan ylmyny umumylaşdyryp halkymyz üçin düşnükli dilde beýan edip döreden eseriniň halkymyz üçin kämilleşmäge, ruhy we medeni dünýäsini beýgeltmäge uly ýardam etjekdigini bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bize peşgeş beren ajaýyp sowgady üçin Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsunlaryny aýdyp, onuň galamynyň has hem ýiti bolmagyny hem-de janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP