Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Şöhratly Ýeňşiň Hormatyna

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli “Şöhratly Ýeňşiň Hormatyna” atly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk çäresinde çykyş edenler onuň dowamynda halkymyzyň Beýik Watançylyk urşy döwründe görkezen gahrymançylyklaryny, ýagny Watany garamak ugrunda mert gerçekleriň frontda görkezen gahrymançylyklary we tylda galanlaryň janlaryny aýaman çeken zähmetleri barada hem-de türkmen zenanlarymyzyň front üçin şaý-seplerini ugradyp görkezen watançylyk duýgysyny ýatlap, şol gahrymançylyklaryň ýaş neslimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ornunyň bardygy barada gürrüň etdiler.

Çärä gatnaşanlar bagtyýar durmuşy bize peşgeş bereni üçin Hormatly Prezidentimize öz alkyş sözlerini aýdyp, onuň janynyň sag, ömrüniň uzak we tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw 

TSTP