Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

Sagdyn durmuşy ýaýbaňlandyrmak barada tagallalar

2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda Daşoguz şäherindäki   2-nji orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda, “Sagdyn durmuşy ýaýbaňlandyrmak barada tagallalar” atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda aprel aýynyň dowamynda saglyk bilen bagly geçirilen medeni köpçülikleýin çäreler we olaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durulyp geçildi. Şeýle-de aprel aýynyň 7-ne “Bütindünýä saglyk güni” mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişi barada buýsançly çykyşlar edildi. Ýaşlaryň sagdyn-durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak üçin Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda ýerine ýetirilýän netijeli işleriň möhüm ähmiýeti barada giňişleýin wagyz edildi.

      Maslahatyň dowamynda ähli ösüşleriň sakasynda duran  Arkadagly Serdarymyzyň ähli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP