Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli duşuşyk  geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy we institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti tarapyndan gurnaldy. Maslahata ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň wekilleri, “Ýaş ykdysatçylar” ylmy gurnagynyň agzalary,  ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatda “Rowaçlan-Galkynyş” hususy kärhanasynyň direktorynyň orunbasary Nurgeldi Nazarow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Nazkulyýew we beýlekiler çykyş etdiler. 

Maslahatda çykyş edenler öz çykyşlarynda häzirki wagtda türkmeniň behişdi ahalteke bedewleriniň gymmatlygy, olaryň gözelligi, Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ahalteke atçylyk sungatyny girizmek hakyndaky teklibiň öňe sürülmegi barada aýdyp, onuň bütin dünýäde wagyz edilmegine  giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler.

Maslahatda tejribe alyşmakda we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy nygtalyp geçildi.

Maslahata gatnaşyjylar ýaşlara ähli ulgamlar babatda telekeçilik işine giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

 

TSTP