Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr

Şu gün “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, dünýä medeniýetiniň möhüm gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýandygy, bedenterbiýe we sport, sport bäsleşikleri dünýä jemgyýetçiligini jebisleşdirýän hem-de ösüşe, dostana gatnaşyklara ruhlandyrýan güýçdigi barada belläp geçdiler. Şeýle hem sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň saglygy ugrunda toplumlaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýändigi hem-de durnukly ösüş bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketine hem-de ýokary netijeli sporta berilýän ünsüň we döwlet goldawynyň netijesinde sport ulgamyna degişli milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýändigi barada gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, döwletli işleri hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.

TSTP