Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Şöhraty äleme dolan dutarym

2022-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler  birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Milli saz gurallarymyz bolan dutar ýasamak senetçiligini, dutarda  saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda  giňden wagyz etmek maksady bilen, “Şöhraty äleme dolan dutarym” atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda çykyş edenler kesbinden kemal tapan türkmen halky gadymy döwürlerden bäri saza, aýdyma hormat goýup gelýän halkdyr. Saz olaryň diňe bir dillerinde ýaşaman, eýsem kalplarynda mäkäm ornaşypdyr. Türkmen halkynyň ýaşaýşyny aýdym-sazsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Haçanda aýdym-saz sungaty hakda gürrüň gozgalanda türkmen halkynyň ähli saz gurallarynyň arasyndan ilkinji bolup dutaryň owazy gulagyňda ýaňlanýar. Türkmenler çaga gyzamyk örüp başlanda hem,oňa dutaryň owazy bilen şypa beripdirler. Bu däp-dessur halkymyzyň arasynda häzirki günde hem dowam etdirilýär diýip belläp geçdiler.

Eziz Diýarymyzy bedew batly, okgunly ösüşlere besleýän, ýurdumyzy ösdürmeklige giň ýollar açan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

TSTP